BILIM

TDMI-niň talybynyň çykyşyna halkara maslahatda ýokary baha berildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň III ýyl talyby Mähriban Bazarowa «Ýaş ylmy açyşlar» atly Halkara ylmy-usuly maslahatda II orna mynasyp boldy. Maslahat Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan guraldy.
Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen halkara maslahatda Mähriban Bazarowa öz ylmy temasy boýunça iňlis dilinde çykyş etdi. Ol Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty)» hünäriniň III ýyl talybydyr.
Bu üstünlik institutyň talyplarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmekde, ylmy gözleg işlerine gatnaşmakda we halkara derejesindäki bäsleşiklerde mynasyp çykyş etmekde ýokary taýýarlyga eýedigini görkezýär.