2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Zenan kalby” žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan geçirilen “Halklar bir jebis maşgala, ýaşasyn parahat durmuş” atly döredijilik bäsleşiginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň “Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy” hünäriniň II ýyl talyby Nurmyrat Aşyrow 3-nji orna mynasyp boldy.
Parahatçylyk, ynanyşmak we halklaryň dost-doganlygy ýaly gymmatly düşünjeleri wagyz edýän bu döredijilik bäsleşigi ýaşlaryň watançylyk ruhuny, döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmäge giň ýol açdy. Talyp Nurmyrat Aşyrowyň bu bäsleşikde gazanan üstünligi onuň döredijilikli gözlegleriniň we yhlasly zähmetiniň aýdyň netijesi bolup, ýaşlaryň jemgyýetçilik-durmuş meselelerine işjeň gatnaşýandygynyň mysalydyr.
TDMI-niň talyby zenanlar neşiriniň yglan eden bäsleşiginde ýeňiji boldy
29
Dec
