BILIM

TDMI-niň talyby ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Halyl Akyýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Bagtyýarlyk döwri — ylham çeşmesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde guradylar.

Bäsleşige gatnaşanlaryň 17-si ýeňiji diýlip yglan edildi, Olaryň onusy talyp, ikisi harby gullukçy we bäşisi dürli kärdäki adamlardyr.

Ýeňijileriň araasynda öň «Türkmen gündogary» gazetiniň habarçysy bolup işlän, häzir Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Atamyrat Ýazweliýew hem bar. Ol harby grullugy tamamlandan soň instituta girdi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: