BILIM

TDMI-niň talyby terjimeçilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili)» hünäriniň 3-nji ýyl talyby TawusHojanowa pars dilinden eden terjimeleri üçin «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginde üçünji orna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde yglan edildi. Ony Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde guradylar.
Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeginden ýaş terjimeçileriň 300-e golaýy gatnaşdy. Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, gatnaşyjylaryň 15-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Baýrakly orunlary eýelän ýaşlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.