BILIM

TDMI-niň talyby «Talyp gözeli» bäsleşiginde baýrakly orna eýe boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Akmaral Ýagmurowa Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2025» atly gözellik bäsleşiginde üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgryyna deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp gyzlaryň 23-si gatnaşdy.
Eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýlar Çaryýewa mynasyp boldy. 1-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ogulhajar Gulowa, 2-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Güljahan Hojaýewa hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Kümüş Annabaýewa, 3-nji orna degişlilikde türkmenabatly talyp gyz bilen bilelikde Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Gülşirin Mamanowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Sahydursun Mätiýewa dagy mynasyp boldy.
Baýrakly orunlara mynasyp bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan sowgatlar, Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.