Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde golaýda geçirilen 32-nji halkara matematika olimpiadasynda (IMC — 2025) bürünç medala mynasyp boldy.
Abraýly bäsleşigiň netijelerine görä, talyplarymyz 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Halkara matematika olimpiadasy (IMC) her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe zehinli ýaş matematikleri bir ýere jemleýär. Oňa bu ýyl 52 ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden 434 talyp gatnaşdy.
Bäsleşikde türkmenabatly talypdan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medine Ödäýewa we Nurmyrat Ataýew altyn medallara mynasyp bolmagy başardylar. Şol uniwersitetiň talyby Kerim Toýlyýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
talyby Şabibi Nurjanowa dagy kümüş medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Batyr Öwezmyradow hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Nurmuhammet Goçiýew bürünç medala eýe boldular.
TDMI-niň talyby IMC — 2025-iň bürünç medalyna mynasyp boldy
12
Aug

