BILIM

TDMI-niň talyby badamyň täze sortuny Lebap welaýatynda ýetirdirmegiň tehnologiýasyny salgy berýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri fakultetiniň talyby Jennet Aýtlyýewa badamyň «ferraduel» görnüşini welaýatymyzyň toprak we howa şertlerine laýyklykda ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklaryny öwrendi. Munuň özi diňe bir ylym dünýäsi üçin däl, eýsem, ýurdumyzyň oba hojalygy üçin hem möhüm täzelikdir. Gözleg işinde ýaş alym şu görnüşli badamyň ösüşi, boý alşy, onuň fenologik döwürleriniň geçişi bilenbaglanyşykly möhüm maglumatlary  ýygnady. Hususan-da, onuň biologikaýratynlygynyň daşky gurşawyň howa şertleri bilen baglanyşyklydygy anyklanyldy.
Ýaş alymyň aýtmagyna görä, bu görnüşiň ösüşinde 1 ― 10-njy aprel aralygy aýratyn ähmiýete eýe bolup, ösümlik bu döwürde güýçli ösüş tapgyryna girýär.
15 ― 17-nji aprel aralygynda bolsa wegetatiw pyntyklarda çalt ösüşe geçilýär. Hasyllylyk döwrüniň, adatça, awgust aýynyň başyndan başlap, sentýabryň ahyryna çenli dowam edýändigi aýdylýar.
Ylmy işde badamyň bu görnüşiniň ýokary hasyllylyga eýedigi, howanyň sowuk şertlerine çydamlylygy we bir ýyllyk nahallarynyň ösüşiniň beýleki görnüşlere garanyňda ep-esli ýokarydygy hem subut edilýär. Ol bu iş bilen ýurduň ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde üçünji orny eýeledi.