BILIM

TDMI-niň mugallymynyň awtordaşlygynda rus dilindäki okuw gollanmasy çapdan çykdy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymlary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Peýşembaý Aýdogdyýewiň, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Hurmagül Jumabaýewanyň, şol kafedranyň dosenti, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Goçmyrat Hanowyň, şeýle-de Demokratiýa we hukuk institutynyň direktory, filosofiýa ylymlarynyň doktory Ýagmyr Nuryýewiň bilelikde taýýarlan ýurdumyzyň rus dilinde okadylýan mekdepleriniň XII synp okuwçylary üçin “Обществоведение” okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy.
Neşirde jemgyýeti öwreniş dersiniň esasy ugurlaryna degişli nazary maglumatlar bilen bir hatarda her tema boýunça berkidiji soraglar we ýumuşlar giňden orun alýar. Munuň özi okuwçylaryň alýan bilimlerini pugtalandyrmaga, özbaşdak pikirlenmek endiklerini ösdürmäge ýardam berýär. Okuw kitabyndan orta mekdepleriň okuwçylary, mugallymlar, şeýle-de jemgyýeti öwreniş dersleri bilen içgin gyzyklanýan okyjylar peýdalanyp bilerler.