Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Arzuw Setdarowanyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň baş hünärmeni Omargeldi Myradowyň awtordaşlygynda “Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi” atly okuw gollanmasy neşir edildi. Täze neşir pars dilini öwrenmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlanylyp, dil öwrediş işine ylmy-usuly taýdan möhüm goşant boldy.
Gepleşik sözlüginde pars dilinde erkin we dürs geplemegi öwrenmäge gönükdirilen okuw derslerine, özbaşdak ýerine ýetirilýän ýumuşlara degişli grammatiki maglumatlar, leksika-semantik bölümler hem-de adalgalar giňden orun alýar. Bu bolsa gollanmanyň mazmun taýdan gymmatyny has-da artdyrýar. Neşir pars dilini öwrenýän talyplar, mekdep okuwçylary, şeýle-de bu dile gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin peýdaly gollanma bolup hyzmat eder.
TDMI-niň mugallymy türkmençe-parsça sözlügi awtordaşy boldy
29
Dec
