BILIM

TDMI-niň mugallymy täze gollanmalaryň üstünde işleýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Gülaýym Gurdowa häzirki wagtda talyplar üçin «Iňlis diliniň amaly kursy» we «Çeper tekstiň lingwistiki derňewi» atly täze okuw gollanmalarynyň üstünde işleýär. 1998-nji ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlan hünärmen, zähmet ýolunyň dowamynda «Çeper tekstiň lingwistiki derňewi», «Geografiýa hünäri boýunça iňlis dili», «Bedenterbiýe hünäri boýunça iňlis dili» ýaly okuw maksatnamalarynyň, şeýle hem «Iňlis-türkmen-rus gysgaça taryhy adalgalar sözlüginiň» awtory boldy. Ol 2013-nji ýylda Gazagystanda geçirilen iňlis dili mugallymlarynyň halkara maslahatynda özüniň köpýyllyk ylmy-usuly tejribesi bilen hem işjeň çykyş etdi.
Ylmy-pedagogik işi bilen birlikde jemgyýetçilik durmuşyna hem işjeň gatnaşýan Gülaýym Gurdowa 2023-nji ýylda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň «Ýylyň mährem zenany» ugrunyň ýeňijisi boldy. Şeýle hem, bäş gyz we üç ogul terbiýeleýän ussat mugallym 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp görüldi. Häzirki wagtda ol institutyň talyp ýaşlaryna kämil bilim bermek bilen bir hatarda, maşgalasynda çagalaryna milli terbiýe bermek we ylmy-usuly gollanmalaryny kämilleşdirmek ugrunda döredijilikli zähmetini dowam etdirýär.