BILIM

TDMI-niň mugallymy Täjigistanda geçirilen forumda edebiýatyň möhüm meseleleri boýunça çykyş etdi

Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň  döredijilik we ylym intelligensiýasynyň “Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy: gumanitar hyzmatdaşlygyň täze
gözýetimleri”  atly XVIII forumy geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň wekilleri bilen bir hatarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty B.Akatow hem gatnaşyp, “Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýetinde däp we innowasiýa” atly bölümde "Türkmen edebiýatynda däp we täzeçillik" atly tema bilen çykyş etdi.
Çykyşda sungatyň güýji bilen parahatçylygy gazanan Şükür bagşynyň obrazynyň N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestinde,  “Şükür bagşy” atly çeper filmde açylyşy, bular babatynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda öňe sürülýän pikirler, häzirki döwürde Türkmenistanda bütin dünýäde parahatçylygy saklamak üçin amala aşyrylýan işler öz beýanyny tapdy.