BILIM

TDMI-niň mugallymy fotosuratçylaryň bäsleşiginde birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde fotosuratçylaryň arasynda «Türkmenistan – gözel mekan» atly yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde geçiren bäsleşigine ýurdumyzyň dürli künjekleriniň ýaş fotosuratçylary gatnaşdylar. Bäsdeşleriň suratlary «Bereketli toprak» gazetiniň sahypalarynda çap edilmegi bilen, eminler toparynyň beren bahalary esasynda ýeňijiler saýlandy.
Bäsleşik 5-nji iýun – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanylyp, onda baş baýraga – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Çüriýew Ilaman, 1-nji orna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Yhtyýarow Diýar, 2-nji orna «Arkadag» gazetiniň fotohabarçysy Baýramow Myrat, 3-nji orna Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň bölüm müdiri Güýjow Nowruz, höweslendiriji baýraga Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän 140-njy mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Saparowa Güljeren we beýlekiler mynasyp boldular. Olar fotosuratlarda ýurdumyzyň gözel künjeklerini, tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini janly şekilde beýan etmegi başarypdyrlar.