BILIM

TDMI-niň mugallymlary Täjigistanda saparda bolýarlar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde GDA gatnaşyjy döwletleriň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» atly döredijilik we ylmy
intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşýar. Forum 14-nji maýda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda öz işine başlady.
Bu ýerde geçirilen umumy mejlisde GDA gatnaşyjy döwletleriň wekilleri, şol sanda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory B.Gutlymyradow hem gutlag sözi bilen çykyş etdiler.
Türkmen wekiliýetiniň Duşenbä saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň gaznasyna gowşuryldy.