BILIM

TDMI-niň mugallymlary DARYA taslamasynyň maslahatyna gatnaşdylar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Jennet Abdullaýewa we şol kafedranyň mugallym-öwrenijileri Umyda Jumakulyýewa, Bahtiýar Kurbanow dagylar «Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket (DARYA)» sebitleýin taslamasynyň maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirildi.
Ýewropa Bilim Gaznasynyň bu sebitleýin taslamasynyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasynyň çäginde amala aşyryljak işleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de inklýuziw okatmagyň we öwretmegiň SCAFFOLD usulyýeti boýunça geçirilen maslahat ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny özünde jemledi.
Usulyýete täzeçe çemeleşme bolan bu usul dürli ýaşdaky okuwçylaryň esasy kompetensiýalarynyň ösüşine gönükdirilen we «Integrirlenen okuwyň netijeleri» çemeleşmesini ulanýan, okuw sapaklaryny taýýaralamak üçin «Scaffold»  kartlaryny ulanyp başlajak mugallymlar hem-de  tejribeçiler üçin taýýarlanylyp, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmäge, okuwçylaryň özbaşdaklygyny ýokarlandyrmaga, okuw görkeziji netijelerini seljermäge we ölçemäge niýetlenendir.