BILIM

TDMI-niň informatika bäsleşiginde deslapky tapgyr geçirildi

Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 67-si Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan informatika boýunça geçirilýän Internet bäsleşiginiň saýlama tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, onuň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şolaryň 16-sy biziň welaýatymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan zehinli ýaşlardyr.
Guramaçylyk topary tarapyndan bäsleşige gatnaşyjylaryň 328-si hasaba alyndy. Olaryň arasyndan 5 we ondan köp utuk alan okuwçylar esasy tapgyra geçirildi. Saýlama tapgyr Mary welaýatyndan gatnaşan okuwçylaryň üstünligi bilen geçdi. Bu tapgyrda iň ýokary utugy (24 utuk) toplan Merdan Parahadow Sakarçäge etrabyndaky 31-nji orta mekdepde bilim alýar. Şol etrapdaky 32-nji orta mekdebiň okuwçylary Çynar Hojamyradowa bilen Nowruz Mülkamanow bolsa, degişlilikde, 18 we 16 utuk bilen ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Eziz Agamyradow bäsleşige welaýatymyzdan gatnaşan okuwçylaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi. Umumy sanawyň 7-nji ornundaky zehinli okuwçy 12 utuk gazandy.