BILIM

TDMI-niň halkara olimpiadasynyň haçan geçiriljekdigi belli boldy

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda fizika boýunça V açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler. Olimpiadanyň maksady talyplaryň ylma, aýratyn-da fizika ylmyna bolan höwesini artdyrmak, sanly tehnologiýalar arkaly amaly we nazary meseleleri çözmekde döredijilik ukybyny ösdürmekdir.
Halkara derejesindäki bäsleşik 4-nji dekabrda sanly ulgam arkaly guralar. Oňa
Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar gatnaşarlar. Olimpiadanyň eminler toparyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen birlikde daşary ýurtly alymlar hem girýärler. Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Bu halkara çäre ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylma bolan gyzyklanmalaryny ösdürmekde, zehinli talyplary ýüze çykarmakda, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.