BILIM

TDMI-niň halkara olimpiadasy 150 minut dowam eder

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny fizika boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, 4-nji dekabrda geçiriler.
Bäsleşik mugallymçylyk institutynyň sanly ulgamynda şahsy görnüşde guralar.
Ýaryşda fizika dersiniň mehanika, molekulýar fizika, elektrik we magnit hadysalar, optika bölümlerinden 5 sany mesele çözülmeli. Ýumuşlary ýerine ýetirmäge 150 minut wagt berilýär. Bäsleşik ýerli wagt bilen sagat 11:00-da başlanar.
Olimpiadanyň netijeleri toplanylan utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler. Ýeňijiler
I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýokary okuw mekdepler 20-nji noýabra çenli iolymp-tspi@yandex.ru elektron salgysyna talyplaryň we jogapkär mugallymlaryň maglumatlaryny ibermelidirler. Goşmaça maglumatlary almak üçin +99363100436 we +99365215294 telefon belgilerine ýüz tutup bolýar.