BILIM

TDMI mugallymlary işe çagyrýar

Seýitnazar  Seýdi  adyndaky Türkmen döwlet  mugallymçylyk   instituty aşakdaky hünärler boýunça 2025-2026-njy okuw ýylynyň 1-nji ýarym ýyllygynda pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär.
Baýry ýokary okuw mekdebinde iňlis dili we edebiýaty mugallymynyň  7, nemes dili we edebiýaty mugallymynyň 2, rus dili we edebiýaty mugallymynyň 1, informatika mugallymynyň 1, matematika mugallymynyň 2, fizika mugallymynyň 1, fizika-informatika mugallymynyň 1, zähmet mugallymynyň 2,
himiýa mugallymynyň 1, biologiýa mugallymynyň 1, başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy mugallymynyň 1 we psihologiýa mugallymynyň 2 sany boş iş orny bar.
Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri,
Şabende köçesi, 7-nji jaýy.
Bäsleşige  arzalary kabul etmegiň möhleti: 01.07.2025ý. – 20 .08.2025ý.
Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 21.08.2025ý. – 23.08.2025ý.
Bäsleşige gatnaşyjylardan bildirilýän talaplar we tabşyrylmaly resminamalaryň sanawy institutyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.