BILIM

TDMI iş baradaky bildirişini täzeledi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty resmi
saýtynda iş baradaky bilidirişini gaýtadan ýerleşdirdi.
Bildirişde nygtalyşy ýaly, institut 2024 ― 2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymy üçin boş iş orunlarynyň 21-sine mugallymlary gözleýär. Esasan hem, baýry ýokary okuw mekdebi iňlis dili we edebiýaty mugallymlarynyň 8-sini işe kabul eder. Şeýle hem nemes dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty, informatika, fizika, geografiýa,
hytaý dili we edebiýaty, pars dili we edebiýaty, pedagogika, matematika boýunça
hünärmenler instituta iş maksady bilen ýüz tutup bilerler.
Dalaşgärlerden arzalar 4-nji ýanwarda kabul edilip başlandy, kabul edişlik 4-nji
fewrala çenli dowam eder. Bäsleşik 6 ― 8-nji fewral aralygynda geçiriler.
Institutda işlemek isleýän bilim işgärleriniň hünärmen ýa-da magistr derejesinde
ýokary biliminiň we 3 ýyldan az bolmadyk iş tejribesiniň bolmagy şertdir. Şeýle
hem olar ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlan bolmaly.
Bäsleşige ýaşy 45-e çenli bolan bilim işgärleri gatnaşyp bilýär. Gerekli
resminamalar bilen institutyň resmi saýtyndan tanşyp bilersiňiz.