Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça I internet olimpiadasyny geçirýär.
Internet olimpiada saýlama we jemleýji tapgyrlar diýlip atlandyrylýan iki tapgyrda geçiriler. Saýlama tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlarynyň her etrabyndan (etrap derejeli şäherlerinden), Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrligine degişli bolan beýleki umumybilim berýän orta mekdep-internatlaryndan saýlanyp alnan 15 okuwça çenli gatnaşyp biler. Saýlama tapgyry institutyň web saýty arkaly (www.tdmugi.edu.tm) onlaýn görnüşinde geçiriler.
Olimpiadanyň jemleýji tapgyry welaýat merkezlerinde guramaçylyk topary tarapyndan geçiriler. Olimpiada baradaky has doly maglumaty institutyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.
TDMI ilkinji gezek informatika dersi boýunça ýöriteleşdirilen olimpiadany geçirýär

22
Apr