Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2026-njy ýylyň 6-njy maýynda ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda esasy hünär dersleri boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik okatmagyň ylmy we usuly esaslaryny kämilleşdirmek, pedagogik ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda hünär bilim hyzmatdaşlygyny berkitmek, geljekki zehinli mugallym hünärmenleri ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.
Ders bäsleşigine ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň her birinden 5 talypdan, jemi 20 talyp gatnaşdy. Gatnaşyjylar hödürlenen ýumuşlary bäsleşigiň düzgünnamasynda kesgitlenen wagtda ýerine ýetirdiler. Bäsleşik mugallymçylygyň milli we oňyn halkara ýörelgelerine, okatmagyň döwrebap usullaryna, okatmakda we terbiýelemekde psihologik-pedagogik taýdan çemeleşmegiň milli tejribelerine esaslanyp geçirildi.

