Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmemn döwlet mugallymçylyk institutynyň rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy tarapyndan ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly esse ýazmak bäsleşiginiň ýeňijileri yglan
edildi.
Baýry ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bäsleşikde baş baýraga Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Şasenem Şaberdiýewa mynasyp boldy. Bäsleşikde gatnaşyjylaryň 5-si birinji, 10-sy ikinji, 15-si bolsa üçünji orna mynasyp görüldi.
Ýeňijileriň arasynda guraýjy ýokary okuw mekdebiniň atlyplary Nurgözel Ýazmyradowa, Leýli Romanowa (ikisi hem birinji orun), Aýbibi Gurbandurdyýewa, Miwe Durdyýewa, Jeren Täşliýewa, Leýli Batyrowa (ählisi ― ikinji orun), Jahan Annamyradowa we Aknur Nowruzowa (ikisi hem üçünji orun) dagylar bar.
TDMI esse ýazmak boýunça bäsleşigi jemledi

20
May