Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Adalatçysy
Ýazdursun Gurbannazarowanyň gatnaşmagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde akkreditirlenen milli adam hukuklaryny goraýjy edaralaryň
orny» atly okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde tapgyrlaýyn esasda geçirilýän
maslahata ildeşlerimiz işjeňlik bilen gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda akkreditirlenen milli adam hukuklaryny goraýjy edaralar bilen 2030-njy ýyla çenli
döwri öz içine alýan maksatnama we şondan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly
çykyşlar edildi. Çykyşlaryň arasynda maslahata gatnaşyjylar bilen degişli meseleler babatynda sowal-
jogap alşyldy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň
Adatlatçysy bilen bilelikde durmuşa geçirýän maksatnamalary barada gürrüň edildi. Maslahatyň
jemleýji böleginde bolsa Türkmenistanyň Adalatçysy tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işler
bilen bagly çykyş diňlenildi.
Bu maslahatyň düzüminde ÝUNESKO kafedrasy bolan ýokary okuw mekdebinde geçirilmegi ýerine
düşen çözgüt boldy. Maslahata gatnaşyjy hukukçylar we bilim işgärleri ýurdumyzyň iri halkara
guramalary bilen hyzmatdaşlygyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
TDMI-de ynsan hukuklaryny goraýjy edaralaryň işine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

23
Apr