Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn
nesil» medeniýet merkezinde hormatly Prezidentimiziň täze neşir edilen
«Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Uly ruhubelentlige beslenen dabara institutyň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş
edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň many-mazmuny,
onda getirilýän taryhy maglumatlar dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Dabara gatnaşyjylar şeýle ilhalar eseri öz halkyna peşgeş edendigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasy şu bilim ojagynyň çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.
TDMI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyyrlyş dabarasy geçirildi

18
Jan