BILIM

TDMI-de türkmen diliniň halkara giňişlikdäki ornuna bagyşlanan maslahat geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Türkmen dili — türki dilli medeniýetleriň ulgamynda» atly onlaýn ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Maslahatda türkmen diliniň taryhy kökleri, häzirki döwürdäki orny hem-de ony okatmagyň döwrebap usullary boýunça çykyşlar diňlenildi.