BILIM

TDMI-de synaglar dowam edýär

Şu günler Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda gyzgalaňly möwsüm ― arasynaglar dowam edýär. Täze ýylyň ilkinji günlerinde başlanan bu möwsüm 25-nji ýanwarda gyşky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen tamamlanar.
Bu döwürde talyplar okuw ýylynyň birinji ýarymynda öwrenenlerini ýene bir gezek özleşdirip, bilim alýan ugurlary boýunça synaglary tabşyrýar. Her bir ugur boýunça üç synag bellenilendir. Geçirilen synaglar talyplaryň bilimleri doly özleşdirendigini aýdyň görkezýär. Olar özlerine berlen sowallara mugallymlary kanagatlandyrýarlar. Synaglaryň arasynda olara taýýarlyk döwri hem bolýar.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda bu baýry ýokary okuw mekdebindäki 8 fakultetdäki 19 hünärde ýaşlaryň 5 müň 600-den gowragy bilim alýar. Olara öz işine ussat mugallymlaryň 270-den gowragy bilim berýär.