Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemek we olary bilime höweslendirmek, ene dili bilen birlikde daşary ýurt dili bolan, pars dilini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň umumybilim berýän daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinde pars dilini öwretmegiň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda
«Dost-doganlyk dilleri – parahatçylyk ýollary» şygary bilen Pars dili dersinden
webinar sapagyny geçirýär.
Webinar sapagy Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň gurnamagynda geçirilip, oňa ýurdumyzyň umumybilim berýän daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň mugallymlary we VII synp okuwçylary onlaýn wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp bilerler.
Webinar sapagy «Pasyllar we aý atlary» diýen temada sagat 10:00 – 10:45 aralygynda geçiriler. Webinar sapagyň düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň.
TDMI-de pars dili boýunça webinar sapagy geçiriler
08
Nov
