BILIM

TDMI-de mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmäge bagyşlanan okuw-usuly maslahaty geçiriler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryndan ugur alnyp, pedagogik işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda “Mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar” atly okuw-usuly maslahaty geçiriler. Maslahat umumy mejlisden hem-de dört bölümçeden ybarat bolup, onlaýn we oflaýn görnüşlerde guralar.
Okuw-usuly maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň, pedagogik ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, Aşgabat şäheri we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň, şeýle hem umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň professor-mugallymlary, terbiýeçileri hem-de hünärmenleri gatnaşyp bilerler. Maslahatyň düzgünnamasy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi internet saýtynda ýerleşdiriler.