BILIM

TDMI-de makalalaryň ýygyndysy çap edildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ylym-bilim ulgamynda batly gadamlar» atly ylmy makalalaryň ýygyndysy çap edildi. 100-den gowrak ylmy makalany öz içine alýan bu ýygyndy şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk
baýramçylygyna özboluşly toý sowgady boldy.
Institutyň professor-mugallymlary Gahryman Arkadagyň halypa-şägirtlik taglymatyndan, ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alyp, ýaş hünärmenleri, talyplary ylmy gözleglere, taslama işlerine ugrukdyrmak boýunça yzygiderli ylmy-usuly işleri alyp barýarlar. Bu işleriň ählisi baradaky maglumatlar hem täze
ýygyndyda öz beýanyny tapýar.