Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Lingwist programmasy arkaly sözleýiş medeniýetini öwrenmek» atly ykjam programmasy taýýarlanyldy.
Bu programma Dart programmirleme diliniň «Flutter» Çarçuwasy (Framework) esasynda döredilip, onda SQL maglumat saklaýjysy binýatlyk gory üçin ulanyldy. Şeýle-de goşmaça bezeg serişdeleri, animasiýalar, CSS, Java, Script ýaly dillerden peýdalanyldy. Bu programmanyň baş sahypasynda «nazaryýet», «usulyýet», «sözlük», «derňew», «test» atly bölümler we şol bölümlere girmek üçin düwmeler ýerleşdirildi.
Şeýle hem bu programmada stilistik adalgalaryň sözlügi barada ylmy maglumatlar ýerleşdirildi we ol adalgalary öwrenmek mümkinçiligi döredildi. «Lingwist programmasy arkaly sözleýiş medeniýetini öwrenmek» ykjam programmasy türkmen dili we edebiýat mugallymlaryna, talyplara we okuwçylara, şeýle hem türkmen dilini öwrenijilere niýetlenildi.
TDMI-de lingiwistik mobil goşundy işlenip düzüldi

24
Mar