BILIM

TDMI-de fizika boýunça halkara olimpiada geçiriler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika boýunça V açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde habar berildi.
Şu günler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde, şol sanda biziň institutymyzda hem «Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna» laýyklykda, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen maksatnamalarda we konsepsiýalarda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabr ― dekabr aýlarynda halkara bilim olimpiadalaryny we bäsleşiklerini, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, Türkmenabatdaky ýokary okuw mekdebinde fizika dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, oňa dünýä döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden zehinli talyplaryň ýüzlerçesiniň gatnaşmagyna garaşylýar.