JEMGYÝET

TDMI-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler jaýynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ― milletleriň bagtyýarlygynyň binýady» atlydabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölümi we bu baýry ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde geçiren maslahatynda birleşigiň dürli döwletlerdäki agzalary gatnaşdylar.
Myhmanlaryň arasynda Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy Abdurahman Ahmad, bu jemgyýetiň agzasy, şahyr Şirmuhammet Ýeňiş, «Dostluk gatnaşyklary» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Muhammet Sadyk Seýid Muhammet we beýlekiler bar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dünýäniň 14 döwletinde birleşigiň 27 bölümi hereket edýär. Olaryň ählisi geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň, üstümizdäki ýylda bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly çäreleriň ýokary dereje geçirilmegine işjeň gatnaşdy.
Ýeri gelende aýtsak, maslahatyň geçirilen ýeri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem owganystanly ýaşlaryň birnäçesi hünär öwrenýär. Maslahatda aýdylyşy ýaly, her ýyl owganystanly ýaşlaryň 30-syna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin mümkinçilikler döredilýär. Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň haýyşy bilen bolsa ýene-de 10 talyba goşmaça ýer açylýar.
Maslahatda bu baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň wekilleri hem çykyş etdiler. Şeýle hem maslahatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.
Maslahatyň dowamynda institutyň «Altyn nesil» aýdym-saz toparynyň wekilleri hem çykyş etdiler.