BILIM

TDMI-de Beýik Britaniýaly alym sapak berdi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda halkara hyzmatdaşlygyň çäginde Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň professorlary Endrýu Linn Robert we Bezborodowanyň gatnaşmagynda hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi. “Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwredilişini çaltlandyrmak” atly maksatnamanyň çäklerinde guralan bu çärede iňlis dili mugallymlaryna we talyplara dili okatmagyň hilini ýokarlandyrmagyň döwrebap usullary barada giňişleýin maglumat berildi. Okuw maslahatynyň dowamynda ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny okuw işinde netijeli ulanmak hem-de ylmy gözlegleriň netijelerini makalalarda şöhlelendirmek ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu geçirilen okuw sapagy ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bu halkara hyzmatdaşlygy mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, dünýä tejribesini özleşdirmäge uly itergi berýär. Şeýle okuwlar ýaş nesliň halkara derejesinde bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.