TDMI-de «Açyk gapylar» günleri geçiriler
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 26-njy aprelde we 10-njy
maýda sagat 15.00-da 2025 — 2026-njy okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar bilen «Açyk
gapylar» günlerini geçirýär.
Institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp
barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak,
medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada «Açyk gapylar»
günlerinde ýaşlara giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» günleri Seýitnazar Seýdi
adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilýär.
Institutyň salgysy: Türkmenabat şäheri, Şabende köçesiniň 7-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon
belgileri: 3-04-21; 3-67-02; 3-25-44.