Güýzüň ilkinji günlerinde ýokary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda täze okuw ýylyna dabaraly ýagdaýda girişildi. Okuw ýylynyň başlanmagy bilen birlikde sapaklar bilen utgaşyklylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyna bagyşlanan dürli duşuşyklar we
maslahatlar geçirilýär.
Institutyň 8 fakultetinde 20 hünär boýunça 5800-den gowrak talyp bilim alýar.
Täze okuwa kabul edilen ýaşlar hem ýokary bilimiň jümmüşine siňip, talyplyk durmuşyna uýgunlaşýarlar. Olaryň käbiri bolsa eýýäm jemgyýetçilik işlerinde işjeň çykyş edýär.
TDMI-de 6 müňe golaý talyp bilen täze okuw ýylyna girişildi
10
Sep
