BILIM

TDMI-däki maslahat mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga bagyşlandy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Umumy mejlisden we dört sany bölümçeden ybarat bolan bu çärede mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, baý ylmy-usuly täzelikleri hem-de döwrebap tejribeleri paýlaşmak barada giňişleýin dillenildi. Maslahat ýurdumyzyň geljegi bolan kämil nesilleri kemala getirmekde mugallymlaryň öňünde duran jogapkärli wezipeleri täzeçe garaýyşlar bilen amala aşyrmaga uly itergi boldy.
Bu ähmiýetli maslahata Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň hünärmenleri, pedagogik ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, şeýle hem Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky Hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Şonuň bilen birlikde, umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarydyr mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri özara pikir alşyp, bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň ylmy-amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.