Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dil we pedagogika, inklýuziw bilim, okatmagyň usulyýeti bilen bagly dünýä ylmynyň gazananlaryndan ugur alyp, tejribeleri paýlaşmagyň hem-de ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary we ylmy-barlag işleri durmuşa geçirmekde, ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilim taslamalaryna gatnaşmagyny üpjün etmekde gazanylan ylalaşyklar möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň Bilim minsitrliginiň
wekiliýetiniň ýakynda ABŞ-a guran saparynyň çäklerinde gazanyldy.
Has takygy, 20 ― 28-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda boldular. Iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waýoming ştatynyň Larami şäherinde ýerleşýän Waýoming uniwersitetinde (University of Wyoming, UW) hem-de Montana ştatynyň Mizula şäherinde ýerleşýän Montana uniwersitetinde (the
University of Montana) bolup, duşuşyklarda iki tarapyň ýokary we orta hünär bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, professor-mugallymlaryň hünär kämilligini artdyrmak, okatmagyň we öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak hem-de bilim ulgamynda geljegi nazarlaýan anyk wezipeleri kesgitlemek we olary durmuşa geçirmek boýunça duşuşyklar geçirildi.
TDMI ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar
03
Nov
