YKDYSADYÝET

TDHÇMB-nyň söwdalarynda polipropilen, suwuklandyrylan gaz, tehniki kükürt we buýan köki satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri polipropileni hem-de suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Şonuň ýaly-da, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki kükürt hem satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri buýan köküni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 729 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 4 million 680 müň manat bolan binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: