YKDYSADYÝET

TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin we dizel ýangyjy geleşikleriň esasyny düzdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna ­«ЕСO-93» kysymly awtobenzini satyn aldylar. Şonuň ýaly-da,Owganystanly telekeçiler L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjyny we ­«ЕСO-5» kysymly gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Azerbaýjanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tüýjümek önümleri aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 49 million 582 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkmenistanyň işewürleri  bahasy 103 million 620 müň manatdan gowrak bolan nebit koksuny satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: