BIZE YAZYARLAR

Täzelenişiň toýy

Nowruz — ýagşylygyň ilçisi. Nowruz döredijilige, zähmet ýokary göterilişine, daşky gurşawyň özgermegine çagyryş bolmak bilen, tebigata sazlaşyk, gözellik we hoşniýetlilik eçilýär.

Bagtyýarlygyň, abadançylygyň we belent maksatlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly dabaralar bilen bellenilýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki ajaýyp giňişlige — döwlet derejesinde geçirilýän bu baýramyň uly dabaralara beslenýän ýerine Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Nowruz ýaýlasy» diýlip at dakyldy. Munuň özi bahar paslynyň gelmegi bilen ajaýyp görnüşe eýe bolýan giňişligiň türkmen halkynyň milli ruhuna laýyklykda atlandyrylandygyny görkezýär.

Ministrler Kabinetiniň 7-nji martda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ýerde, ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem «Nowruznama» kitaby esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bu ýerde özboluşly türkmen obasy döredilip, onda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan ediler. Şunuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň sergisini, döredijilik toparlarynyň konsertini, milli oýunlary, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary, Arkadag şäheri boýunça baýramçylyk dabaralaryny, degişlilikde, welaýat merkezlerindäki «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Dabaralaryň ählisinde türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligi aýdyň beýanyny tapar.

Asylly däbe görä, baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz ýagşy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlary bilen toý saçagyny bezeýärler. Daş-töweregimiz abadanlaşdyrylýar.

Milli bahar baýramyňyz — Halkara Nowruz günüňiz gutly bolsun, mähriban ildeşler! Halkymyzyň geçmişine, milli mirasymyza, ruhy-medeni däplerimize sarpa goýup, şu günümizi beýgeldýän, ak ertirlerimizi ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Babamyrat TÖLEGOW,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Demokratik partiýanyň başlygy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: