Halaç etrabynyň Surh geňeşliginiň çäginde «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetine degişli keramiki önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän döwrebap zawodyň işe girizilmegine garaşylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Awtomatlaşdyrylan usulda işlediljek zawodyň ýyllyk kuwwaty keramiki önümleriň dürli görnüşleriniň 80 million sanysyny öndürmäge barabardyr. Hojalyk jemgyýetiniň başlygy Lebap Annageldiýew zawodyň önümçiliginde Italiýa, Ispaniýa ýaly ýurtlaryň meşhur kompaniýalarynyň innowasion tehnologiýalarynyň oturdylandygyny aýdýar.

«Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti kerpiç we plitalaryň dürli görnüşlerini çykarýar. Önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy çykarylýan önümleriň hiliniň ýokary bolmagyny şertlendirýär. Ol şu ýylyň fewral aýynda öz önümleri bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen «UzBuild 2020» halkara gurluşyk sergisine hem gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: