TÜRKMENISTAN HABARLARY

Täze ýylyň öň ýanynda birinji synp okuwçylaryna noutbuk sowgat berildi

Täze ýylyň öň ýanynda Lebap welaýatyndaky orta mekdeplerde okaýan birinji synp okuwçylaryna sowgatlar gowşuryldy. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan noutbuklar berildi.
Olar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürildi. Ol Hytaýyň «Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.» we «Tongfang Hongkong limited» kompaniýalary bilen bilelikde döredilipdi. Kompýuterler «Bilimli» ady bilen çykarylýar we olaryň hemmesi dolulygyna kärhananyň özüniň programmasy bilen üpjün edilen.
Häzir Lebap welaýatynda orta mekdepleriň we mekdep-internatlarynyň 385-si hereket edýär. Olarda birinji synp okuwçylarynyň 31 müňden gowragy okaýar.
Birinji synpda okaýan okuwçylara Ýurtbaştutanynyň adyndan noutbuk sowgat bermek bermek asylly däpleriň birine öwrüldi. Netijede mekdep okuwçylarynyň ählisi hem kompýuterli boldular. Mundan başga-da, her mekdepde kompýuter synp otaglary bar. Şeýlelikde, bütin Türkmenistanyň, şol sanda Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen bilim almaga giň mümkinçilikleri aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply