Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň 2026-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda yglan edilen ýeňijileriniň hatarynda Lebap welaýatyndan hem zehinli okuwçylaryň adynyň bolmagy bu sebitde ýaş nesliň döredijilikli ösüşine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Baýrak eýeleriniň sanawyna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew, Türkmenabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Atajan Babahanow, 36-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Maksat Awliýakuliýew hem-de şol ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbanmyrat Rustemow girizildi.
Şeýle-de Lebap welaýatynyň Dänew, Saýat, Halaç we Kerki etraplaryndan bolan mekdep okuwçylarynyň hem Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolmagy sebitde bilim-terbiýeçilik işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny tassyklaýar. Dänew etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň okuwçylary Bahtyýar Babajanow bilen Bägül Begendikowa, Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýtäç Gaýypnazarowa, Halaç etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Perman Annamamedow hem-de Kerki etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Umarowa gazanan üstünlikleri bilen Lebaply ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň giňdigini nobatdaky gezek subut etdiler.
Täze ýylyň ilkinji iri baýragy çagalara gowşuryldy: olaryň 10-sy lebaply çagalar
14
Jan
