BIZE YAZYARLAR

Täze ýylyň bosagasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny hem tamamlap barýarys. Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran täze ýyl baýramçylygy hem ýetip gelýär.
2024-nji ýylymyz hem geçen beýleki ýyllar ýaly rysgally, bereketli ýyllaryň biri boldy. Dünýäde bolup geçen ykdysady çökgünliklere garamazdan ýurdumyzda jemi içerki önümiň mukdary ýokarlandy. Gazanylan üstünliklerimiziň binýadynda bolsa “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyldy. Maksatnamanyň çäklerinde sebit we döwlet ähmiýetli giň gerimli işleriň birnäçesi ýerine ýetirildi.
Ykdysadyýetde, söwda we hyzmatlar ulgamynda netijeliligiň ýokary bolmagy gazanyldy. Täze iş orunlarynyň döredilmegi, ilatyň iş bilen üpjün bolmagy, zähmet haklarynyň artdyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň amala aşyrylýandygyna mysaldyr. Maýa goýumlar döwletimizde esasan hem durmuş maksatly desgalara, ýaşaýyş jaýlaryna, saglygy goraýyş desglaryna, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygyna gönükdirildi.
2022-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ilaty 7 mln-dan gowrak diýilip hasaba alyndy we 2008-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 2 mlna golaý ilatyň artandygyny görkezýär. Bu demografik ösüş bolsa ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ösüş derjesine göni şaýatlyk edýär.
2025-nji ýyla gadam basmagymyza hem sanlyja günler galdy. 2024-nji ýyly üstünlikli tamamlan eziz Watanymyz üçin goý täze ýyl rygal-döwletli, bereketli, düşümli ýyl bolsun. Täze ýylda her bir maşgala ojagynyň gapysyny bagt, şatlyk, saglyk, üstünlik, bereket kaksyn.

Maýa HEMRAÝEWA,
Lebap welaýat Halk Maslahatynyň agzasy,
Çärjew etrabynyň Statistika bölüminiň başlygy