TÜRKMENISTAN HABARLARY

Täze ýyl saçagyna ter gök-önümler

Içerki bazary azyk önümleri bilen üpjün etmekde hususy önüm öndürijiler hem işjeňlik görkezýärler. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garnaş geňeşliginiň ýaşaýjysy Baýpolat Ergeşow hem şolaryň biri.
Ol geňeşligiň Dostluk obasynda bölünip berlen 2 gektarlyk meýdanda gök önümleri ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Telekeçi bu meýdanda her biri 3,5 sotuk ýeri tutup oturan ýyladyşhanalaryň 38-sini ýerleşdiripdir. Häzir şolaryň 27-sinde ekin ekilip, hasyl alynýar. Galan 11 ýyladyşhana hem ekip başlamaga doly taýýar. Her ýyladyşhanada 800 düýp ekin bar.


Ýyladyşhanalaryň 12-sine pomidor, 5-sine hyýar, galanlaryna hem bolgar burçy ekilipdir. Häzir hyýar ýyglyp ýör. Täze ýylyň öň ýanynda bola pomidoryň we bolgar burçunyň hem ýygymyna girişmek göz öňünde tutulýar. Eýesi her ýyladyşhanadan 2 tonna pomidor, şonçarak hyýar, 1 tonna-da bolgar burçuny ýygnap alaryn diýip çak edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply