Sinoptikler Täze ýyl baýramçylygy günlerinde Lebap welaýatynda maýyl we gurak howanyň boljakdygyny çaklaýarlar. Öňdebaryjy meteorologiýa hyzmatlarynyň maglumatlaryna görä, sebitde baýramçylyk günlerinde häzirki ýaly durnukly howanyň bolmagyna garaşylýar.
«Jeyhun.news» birnäçe abraýly meteorologiýa çeşmeleriniň şu ýylyň 31-nji dekabrynda hem-de 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanda boljak howa baradaky çaklamalaryny siziň üçin bir ýere jemledi.
«Rambler»:
31-nji dekabrda +4… +9 gradus, 1-nji ýanwarda +2… +8 gradus;
«Яндекс.Погода»:
31-nji dekabrda +2… +9 gradus, 1-nji ýanwarda 0… +7 gradus;
«Gismeteo»:
31-nji dekabrda +3… +7 gradus, 1-nji ýanwarda +2… +6 gradus.
Täze ýyl günlerinde Lebapda howa nähili bolar?

30
Dec