Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýetip gelýän Täze ýyl baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Ol baýramçylyk günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçiligi, saglygy goraýyş edaralarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle-de bazarlarda we dükanlarda harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek, ilatyň gowy dynç almagy üçin medeni çäreleri guramak, jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly hereketini üpjün etmek hem-de baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Täze ýyl baýramy üçin giň gerimli taýýarlyk görmek tabşyryldy
27
Dec
