Düýn Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynda hem täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakylyp, baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.
Agşam Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňündäki aýdym-sazly dabara bilen welaýatyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy. Bu dabaralara baýramçylygyň baş gahrymanlary Aýaz baba bilen Garpamyk gatnaşdy.
Dünýä döwletleriň köpüsi bilen bilelikde Täze ýyl baýramy Türkmenistanda hem her ýylyň 1-nji ýanwarynda bellenilýär. Ýöne bu baýramyň dabaralary birnäçe günläp dowam edýär.
