Täze ýyl agşamynda awtobuslaryň üznüksiz hereketi üpjün ediler
Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň içi boýunça hereket edýän awtobuslary gije sagat 02:00-a çenli işlär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýty habar berdi.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, ilata ýokary hilli ulag hyzmatyny üpjün etmek maksady bilen, Täze ýylyň öňüsyrasynda şäher ugurlary boýunça awtobuslaryň hereketi şu tertip boýunça amala aşyrylar: awtobuslar 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli işlär.
Awtobus gatnawlary Türkmenabatdan başga-da, Aşgabat, Arkadag, Balkanabat,
Türkmenbaşy, Daşoguz we Mary şäherlerinde doly derejede üpjün ediler.