Täze web saýt işläp başlady
Telekeçi Döwranguly Annagulyýew tarapyndan işlenip düzülen «TmPedagog» web saýty işläp başlady. Bu web saýt sanly bilim ulgamynyň ösmegine goşant goşmak we türkmen pedagoglarynyň başarnyklaryny, iş tejribesini, döredijiligini, üstünliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek we paýlaşmak ýaly maksatlardan ugur alýar.
www.tmpedagog.com.tm web saýtynda mugallymlaryň iş tejribesi, adygan türkmen pedagoglarynyň ganatly sözleriniň ýygyndysy, baýry mugallymlaryň ýaş mugallymlara we ata-enelere peýdaly maslahatlary, gollanmalar, görkezme esbaplary, şygyrlar, hekaýalar, söhbetdeşlikler, bäsleşikler, dürli mazmunly bildirişler ýerleşdirilýär. Web saýtdaky suratlaryň ählisi diýen ýaly, elde çekilen suratlar bolup durýar. Telekeçi ýakyn wagtda taslamanyň ykjam goşundysyny döretmegi, web saýta iňlis we rus dillerini goşmagy, maglumatlary 3 dilde halka hödürlemegi maksat edinýär.